Gatnaşyja näme garaşýar?

Türkmenistandan we daşary ýurtlardan ýokary derejeli spikerleriň çykyşlary.
Ýurdumyzda internet biznesini ösdürmegiň ýollary barada gyzykly gürrüňlere gatnaşmak

Türkmenistanda we umuman dünýäde innowasiýa ösüşiniň tendensiýalaryna düşünmek
Kynçylyklary ýeňip geçýän we üstünlik gazanýan gatnaşyjylaryň ylham beriji tejribeleri

Geljegi bilelikde gurmak üçin pikirdeş adamlary tapmaga mümkinçilik
Biznesiňize möhüm artykmaçlyklary berjek hyzmatdaşlary tapmak mümkinçiligi
Türkmenistanyň häzirki taryhyna goşuljak wakanyň bir bölegi bolmak duýgusy
Ashgabat eBusiness Summit 2025
Biz telekeçiligi we tehnologiýany birleşdirýäris, täzelikleri döredýäris!
Sanly gelejegi döretmäge gatnaşyň!
Esasy çykyş edijiler



Sammidyň meýilnamasy
Gatnaşyjylaryň hasaba alynmagy
09:00-09:30
Ilkinji Ashgabat eBusiness Summit açylyşy
09:30-09:50
Panel Diskussiýasy <<Türkmenistanda Internet Biznesleriniň Ösüşi>>
09:50-10:20
Emeli Aň – Kynçylyklar we Mümkinçilikler
10:20-10:50
Netijeler
10:50-11:00
Ashgabat eBusiness Summit 2025
Biz telekeçiligi we tehnologiýany birleşdirýäris, täzelikleri döredýäris! Sanly gelejegi döretmäge gatnaşyň!
Sammidyň maksatlary

Sammidyň esasy maksady, ähli gyzyklanýan taraplaryň Türkmenistanyň innowasion sanly bazar ykdysadyýetini ösdürmek ugrundaky tagallalaryny birleşdirmek.

Bütin dünýäde ykdysady ösüşiň esasy hereketlendirijisine öwrülýän innowasiýalaryň çalt ösüşi gidip dur. Täzelenmeleriň köpüsi adamlaryň internet arkaly alýan dürli hyzmatlaryndan ybarat. Türkmenistan bu proseslerden daşda durmaýar, ençeme ýyl bäri internet arkaly harytlary we hyzmatlary hödürleýän biznesleri ösdürýäris. TMCars ýa-da Ynamdar.com-y bilmeýän türkmen raýatlary ýok bolsa gerek. Ýurdumyzda internet biznesleri adamlaryň durmuşynda-da, umuman ykdysadyýetde-de barha möhüm rol oýnaýar.

Sammit Türkmenistanda internet biznesini ösdürmekdäki häzirki kynçylyklary ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanýar. Adamlaryň durmuş derejesi üçin täze standartlary kesgitleýän innowasion önümleri we hyzmatlary döredýän iş.


